TEHNOLOGIÝA

Ýeriň daşyny aýlanan ýaş uçarman boldy

Belgiýaly Mak Ruterford Ýeriň daşyndan aýlanyp çykan iň ýaş uçarman boldy. Ol bu uçar syýahatyna şu ýylyň mart aýynda “Shark” kysymly uçary bilen başlady. Ol bolgariýanyň günbataryndaky howa menzilinden uçuşyna başlap, şol ýerde hem tamamlady. Ol uçuşyna başlan wagty 16 ýaşyndady we 17 ýaşyny asmanda garşy aldy.

Iýul aýynyň ahyrynda Russiýanyň howa giňişliginde uçmak üçin rugsatnama alypdy.

Mak Ruterforduň özünden uly aýal dogany 19 ýaşyndaky Zara hem iň ýaş zenan uçarman hökmünde hasaba alyndy. Ol hem 2021-nji ýylyň güýzünde ýeňil uçarda dünýäniň daş-töweregine syýahat edipdi.

Mak Ruterforduň bu üstünligi Ginnesiň rekordla rkitabyna girizildi.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi