JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda özboluşly döredijilik birleşmesi bolan «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestrine aýratyn orun degişlidir. Neda Berger Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy bilen döredilen bu orkestriň iki ýurduň zehinli sungat ussatlaryny bir ýere jemläp, Gündogar bilen Günbataryň arasynda özboluşly sungat köprüsini emele getirýändigini aýtdy.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Bergeriň köp ýyllaryň dowamynda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ilerletmäge goşýan goşandyny belläp, bu jemgyýet bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän medeni çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Öz gezeginde, Neda Berger alyp barýan işine berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldawynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň binýady bolup durýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov