JEMGYÝET

Ýaşamak üçin rugsatnama nobatyna çäklendirmäniň täsiri

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynda şu günden başlap, maý aýynyň 17-sine çenli doly derejede çäklendirmeler başlaýar. Bu çäklendirmeler käbir ýagdaýlardan daşary ähli daşary ýurtly raýatlar üçin hem degişlidir.

Çäklendirmeler bilen baglanyşykyl Türkiýede ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryny käbir sowallar gyzyklandyrýar. Şeýle sowallaryň biri hem çäklendirmeleriň çäklerinde köçä çykmaklyga gadaganlyk girizilen möhletinde welaýat migrasiýa edarasynda ýaşamak üçin rugsatnama almak boýunça nobaty bolan daşary ýurtly raýatlaryň ýagdaýlar nähili bolarka?

Munuň bilen baglanyşykly Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek maksady bilen 29-njy aprelde sagat 19:00-da başlap, 17-nji maý sagat 05:00-a çenli dowam edýän çäklendirmeler bilen baglanyşykly çap edilen beýanatda şeýle diýilýär:

Jogaby:

  • Öňüni alyş çäklendirmeleriň dowam edýän döwründe welaýat migrasiýa edarasynda ýaşamak üçin rugsatnama almak boýunça nobaty bolan daşary ýurt raýatlary nobata durandygy baradaky ýüz tutmasynyň möhletini we resminamalaryny görkezip (Stambul we Ankara üçin nobata durandygyny baradaky SMS-habarmasy ýa-da elektron poçta maglumatnamasy hem gerek), pasportunyň deregine ulanýan syýahatçylyk resminamasy bilen welaýat migrasiýa edarasyna gidip biler.
  • Ýaşamaka üçin rugsatnama almak nobaty boýunça ýeňillik nobat wagty we welaýat migrasiýa edarasy bilen ýaşaýan ýeri arasyndaky ugur bilen çäklenýär.

“Çempionlar ligasy”: “Mançester Siti” finala golaýlady

Ýene-de okaň

Abdukodir Husanow 2025-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

Türkmenistan Şweýsariýa gynanç bildirdi

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady