DÜNÝÄ

Ýaponiýada “Sagdyn ömür dowamlylygy” rekord goýýar

Ýaponiýada rekord goýlan “sagdyn ömür dowamlylygy” aýallar üçin 75, erkekler üçin 72 ýyla ýetdi.
Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi sagdyn ömrüň rekord derejä ýetendigini habar berdi. Ministrlik her 3 ýylda takmynan 200 müň maşgalada geçirilen gözlegleriň 2019-njy ýyldaky netijelerini yglan edip, adamlaryň kömek almazdan jemgyýetçilik durmuşyny dowam etmegi üçin göz öňünde tutulan wagt ölçegi bolan “sagdyn ömür dowamlylygy”  aýallarda 75.38 ýyl, erkeklerde bolsa 72,68 ýyl bolandygy mälim edildi.
Ylym barlaglaryň geçirilip başlan 2001-nji ýylyndan bäri ömür dowamlylygyň hem erkeklerde hem-de zenanlarda yzygiderli artmagy dowam edýändigi bellenildi.
Welaýatlara görä, Miedäki aýallar, Oitadaky erkekler iň köp sagdyn ömür dowamlylygyna eýe bolandygy aýdyldy.
Kýotodaky aýallar bilen Iwatedäki erkekler iň gysga ömür dowamlylygyna eýe bolandygy bellenilip geçildi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/kop-garasylan-xiaomi-12-seriyasy-hodurlendi-ine-ayratynlyklary/

Related posts

Pakistan tarapy Arkadag şäherine ýokary baha berdi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Konsultatiw duşuşygy başlady

Ata Watan Eserleri

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri