BIZNES

Ýaponiýa sanly walýutany synag edýär

Ýaponiýanyň Banky (Merkezi banky) öz sanly walýutasyny çykarmagyň mümkinçiliklerini barlamak üçin synagyň birinji tapgyryna başlady. Bu barada bankyň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Geljek ýylyň mart aýyna çenli dowam etjek birinji etapda täze ulgam üçin synag gurşawynyň ösdüriljekdigi bellendi. Şeýle hem sanly walýutanyň çykarylmagy we yzyna gaýtarylmagy ýaly esasy funksiýalary bilen synag geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýaponiýanyň Banky häzirki döwürde öz sanly walýutasyny çykarmagy meýilleşdirmeýändigini, ýöne global tendensiýalar bilen baglanyşykly şeýle mümkinçiligi öwrenmek isleýändigini mälim etdi.

Hususan-da, Hytaý geçen ýyl sanly ýuany synag edip başlady. Ýewropanyň Merkezi Banky hem sanly ýewrony dolanyşyga girizmek babatda işler alyp barýar.

 

Beýik Britaniýa raýatlaryna syýahat etmäge rugsat bermekçi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler