JEMGYÝET

Ýanwar-maý aýlary: türkmen türgenleri 238 medal gazandy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler has-da işjeňleşdirildi. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 80-sine gatnaşyp, 79 altyn, 64 kümüş, 95 bürünç medal gazandylar.

Hokkeý boýunça halkara ýaryş Türkmenistanyň halkara sport abraýyny täze derejä göterdi.

Halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar