JEMGYÝET

Dünýäniň iň uly kitaphanasy

Ýazga geçirijiler we arhiwler tehnologiýa mümkinçilikleri bilen sanly metbugata geçip başlasa-da, kitaphanalar henizem ýurtlaryň siwilizasiýasynyň, biliminiň we medeniýetiniň derejesini görkezýän adamzadyň umumy ýadygärligi hökmünde işlemegini dowam etdirýärler.

Dünýäniň iň uly kitaphanasy ABŞ-nyň Kongres kitaphanasydyr. Kitap we kitap tekjeleriniň sany babatynda dünýäniň iň uly kitaphanasy hasaplanylýan ABŞ-nyň Kongres kitaphanasy (Library of Congress) 1800-nji ýylda ýurduň Kongresi tarapyndan bina edildi.

Kongres kitaphanasynda 164 million eser bar, bularyň arasynda 38 million kitap, 70 million golýazma, 3,6 million ýazgy, 14 million surat, 5,5 million karta we 8,1 million saz bellikleri bardyr. Kongres kitaphanasy 122 million gizlin şahsy kolleksiýa önümlerini öz içine alýan, dünýädäki iň gymmatly medeni hazynalaryň biri hasaplanylýar.

Bu kitaphanada her günde ortaça 14 müň täze eser kabul edilýändigi sebäpli, ýer ýetmäzçiligi döreýär. Şol nukdaýnazardan, Merilend hem-de Wirjiniýa ştatlarynda kitaphananyň goşmaça binalary guruldy we bu ýerde köp sanly kitap we ýazgy saklanýar.

 

Dünýäniň iň gowy howa menzili

 

Related posts

Türkmenistan’daki Ruslar seçimde oy kullanabilecek

vepa

Erdoğan, Türkmen Lideri’ni TANAP boru hattının açılışına davet etti

vepa

30 ýyl bäri älemde

Ata Watan Eserleri