TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” kompaniýasy täze önümini hödürledi

“Xiaomi” tarapyndan hödürlenen ilkinji telefon “11 Lite 5G” seriýasy boldy. 6.55 dýuým ekranly “Xiaomi 11 Lite 5G “ 6GB RAM we 128GB içerki ýady bilen üpjün edilýär. Jübi telefonynyň batareýasynyň kuwwaty 4 müň 250 mAh.

Iki setirli telefon 33W bilen çalt zarýad berilýär we “USB Type-C” porty bar. Kompaniýa 17 minutda telefonyň 100 göterime çenli zarýad alýandygyny habar berdi. Batareýanyň 800 zarýad berilýänçä öndürijiligini ýitirmändigi, soň bolsa 20% öndürijiligiň peselendigi mälim edildi.

Hasaplama günde bir zarýadda geçirilende, batareýanyň 800 günüň dowamynda kuwwatyny ýitirmeýändigini aýdyp bolar.

Telefonda 64MP arka kamera we ikinji derejeli 8MP arka kamera bar. “Xiaomi 11 Lite 5G” iň öňdäki kamerasy 20 MP durulykdadyr.

Bu enjam 5G tehnologiýasy bilen hem elýeterli bolar. Resmi habara görä, telefonlar üç ýyllap möhüm täzelenmeleri alar. Mundan başga-da, soňky beýanata görä, telefonlar dört ýyllap howpsuzlyk täzelenmelerini hem alarlar.

Eýran Türkmenistana bolan tebigy gaz bergisini üzmegi meýilleşdirýär

 

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler