DÜNÝÄ

Wladimir Putin Çeçen Respublikasynyň hormatly raýaty boldy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 13 ýyldan soňra Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynda saparda boldy. Ol bu saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynyň Baştutany Ramzan Kadyrow bilen duşuşdy.

Soňky gezek 2011-nji ýylda bu respublika sapar bilen baran Wladimir Putin Çeçen Respublikasynyň hormatly raýaty boldy. Wladimir Putine hormatly raýat bolandygy hakyndaky degişli nyşan we şahadatnama Çeçen Respublikasynyň Baştutany Ramzan Kadyrow hem-de Çeçen Respublikasynyň müftüsi Salah Mejiýew tarapyndan gowşuryldy.

Şeýle hem Wladimir Putin saparyň çäklerinde Grozny şäherinde gurlan Isa peýgamberiň adyny göterýän metjide baryp gördi. Putin metjide baryp görmek bilen, metjidiň ymamyna gymmat bahada jiltlenen Gurhan sowgat berdi.

Wladimir Putin şol bir wagtda Çeçen Respublikasynda amala aşyrylýan infrastruktura taslamalary bilen tanyşdy.

Related posts

Türkmen wekiliýeti Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy

Girişimciler Partisine Yeni Başkan

vepa

Putin Serdar Berdimuhamedowy gazanan ýeňşi bilen gutlady

Ata Watan Eserleri