DÜNÝÄ

Kamala Harris resmi taýdan prezidentlige dalaşgär boldy

ABŞ-nyň Çikago şäherinde geçirilen Demokratik partiýasynyň milli mejlisinde wise-prezident Kamala Harrisiň şu ýylyň 5-nji noýabrynda göz öňünde tutulan prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmagy resmi taýdan tassyklandy.

Partiýanyň milli mejlisinde Kamala Harris delegatlayrň  4566 sesini aldy. Prezidentlige dalaşgär bolmak üçin 1976 delagatyň sesi ýeterlik hasaplanýar.

Harris we onuň wise-prezidentlige dalaşgäri Minnesota ştatynyň gubernatory Tim Uolz Wiskonsin ştatyndan wideoýüzlenme bilen gatnaşyp, Demokratik partiýasynyň milli mejlisine gatnaşyp, bu dalaşgärligi simwoliki taýdna kabul etdi.

Wiskonsin ştatynda saýlaw möwsümini geçirýän Kamala Harris: “Siziň dalaşgäriňiz bolmak meniň üçin uly bagtdyr” – diýip, wideoýüzlenmesinde belläp geçdi.

Kamala Harrisiň wideoýüzlenmesi partiýanyň milli mejlisiniň gatnaşyjylaryna görkezildi.

 

Related posts

Ozalky Prezident Jimmi Karter üçin duýgudaşlyk bildirildi

Ata Watan Eserleri

Walentina Matwiýenko Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Turkmen-American political consultations were held

vepa