DÜNÝÄ

Wiktor Orban Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty iberdi

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny iberdi. Wiktor Orban gutlag hatynda wenger-türkmen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan edipdir.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Size we tutuş türkmen halkyna wenger-türkmen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şu geçen döwürde gatnaşyklar iki halkyň bähbidine özara hormat goýmak esasynda ösdürildi.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we täze ulgamlarda giňeldilmeginiň Wengriýa üçin mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlaryň biri boljakdygyna Sizi ynandyrýaryn.

Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

 

 

11 ýyldan soňra Italiýanyň çempiony boldy

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy