TEHNOLOGIÝA

Welosiped önümçiliginiň öňdebaryjysy kim?

Ýewropada howanyň üýtgemegine garşy göreşde awtoulag önümçiliginde elektrikli ulaglara has köp ähmiýet berilýän bolsa, welosiped önümçiligi hem ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Ýewropa Bileleşiginde welosiped önümçiliginde öňdeligi 2018-nji ýylda Italiýa eýeleýän bolsa, häzirki wagtda Portugaliýa birinjilige geçdi.

2019-njy ýylda bu ýurtda 2,7 million welosiped öndürildi. Ýewropanyň iň uly önümçiligi boldy. Bu önümçiligiň 1,2 milliony “RTE” kompaniýasynyň hasabyna amala aşyryldy.

Ýewropanyň iň uly welosiped önümçilik desgasy Portugaliýanyň demirgazygynda Wila-Nowa-di-Gaýada ýerleşýär. Bu ýerde ýygnalýan welosipedleriň 5 göterimi içerki bazara, galan 95 göterimi eksporta ugradylýar. Esasan hem Fransiýa, Ispaniýa, Germaniýa we Polşa.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi