TEHNOLOGIÝA

“Volvo” -dan howany arassalajy enjam

“Volvo” howany arassalaýan täze tehnologiýasyny yglan etdi. Sürüjiler indi awtoulaglarynyň içinde arassa we sagdyn howadan dem alyp, syýahata gitmezden ozal howany arassalap bilerler.

Bütindünýä täsir eden koronawirus epidemiýasy sebäpli awtoulag öndürijileriniň köpüsi arassaçylyga has köp üns berýärler. Şwesiýanyň awtoulag öndürijisi “Volvo” awtoulaglaryň içindäki howany arassalaýan täze tehnologiýany döretdi.

Kompaniýanyň täze “Köpugurly Howa Arassalaýjy” tehnologiýasy, häzirki wagtda bazarda hiç bir awtoulagda ýok bolan ýörite datçigiň kömegi bilen kabinanyň içindäki howany PM 2.5 derejesinde ölçäp biler.

Täze tehnologiýa, awtoulagyň içindäki howanyň hilini gowulandyryp, howanyň hapalanmagy we zyýanly bölejikler bilen baglanyşykly saglyga ýaramaz täsirleriň öňüni alyp biler.

Telefonda howany arassalama işi amala aşyrylar

Bu tehnologiýa bilen “Volvo” modelleriniň sürüjileri, ýola çykmazdan ozal kabinanyň howasynyň arassalanmagyny üpjün etmek üçin “Volvo On Call” smartfon programmasyny ulanyp bilerler. Programma, arassalaýyş işleri gutarandan soň sürüjä kabinadaky howanyň PM 2,5 derejesini görkezýär.

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler