TEHNOLOGIÝA

Ulanmak üçin amatly telefonlar

“AnTuTu” atly akylly telefonlaryň işleýşini ölçeýän seljeriş programmasy, ulanyjylar tarapyndan oňaýly seslenme döreden akylly telefonlaryň sanawyny çykardy. Baha bermegiň esasy bölegi öndürijilik däl-de, telefonyň ulanyş amatlylygy boldy. Gözlegler 2021-nji ýylyň mart aýynda dünýäde iň bäsdeş we iň uly hytaý bazarynda geçirildi diýip, hytaýyň “Gizchina” saýty habar berýär. Geçirlen seslenmede 98,04% göterim alyjylar “Huawei Mate 40” akylly telefonyna kanagatlanma bildirdiler.

Sanawyň ilkinji onlugana bolsa dizaýn we daşky gaby üçin dört sany “Meizu Android” akylly telefonlary girdi. “Meizu” telefonlaryndan “17 Pro” görnüşi ulanyjylar tarapyndan seslenmede 97,97% göterim gazazdy. “Meizu 17” smartfony 96,32% göterim bilen 7-nji orunda, “Meizu 18” 95,36 % göterim we “Meizu 18 Pro” smartfony 94,09% göterim bilen 8-nji we 9-njy orunda ýerleşdiler.

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy tarapyndan öndürilen “Galaxy S20 Ultra 5G” smartfony 97,82% göterim bilen üçünji oruny, “Galaxy Note 20 Ultra 5G” smartfony 96,55% göterim bilen bäşinji oruny eýelediler.

“Honor 30 Pro+” akylly telefony bolsa 97,75% göterimi bilen dördünji oruny eýeledi. Sanawyň soňunda bolsa 93,87% göterim bilen “Oppo Find X3” akylly telefony ýerleşdi.

 

“Mars”-da ilkinji uçuşyny amala aşyrar

 

Ýene-de okaň

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy

“Yolugry” programmasy bilen yollar has amatly we gyzykly bolar!

Ata Watan Eserleri