BIZNES

Ukraina Azerbaýjadan tebigy gaz satyn almak isleýär

Ukrainanyň “Naftogaz” topary Azerbaýjanyň SOCAR toparyna degişli “SOCAR Energy Ukraine” kompaniýasy bilen ilkinji gezek azerbaýjan tebigy gazyny satyn almak barada şertnama baglaşdy.

Bu barada “Naftogaz” kompaniýasynyň habaryna salgylanyp, “Report” habarlar gullugy habar berýär.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, azerbaýjan gazynyň Transbalkan ugrunyň Bolgariýa–Rumyniýa–Ukraina geçelgesi boýunça synag görnüşinde ilkinji gezek eltip berlişi amala aşyryldy.

“Bu göwrümi boýunça uly bolmasa-da, strategiki taýdan möhüm ädim bolup, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýoluny açýar. Şeýle hem bu ädim Ukraina üçin energiýa üpjünçiliginiň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň we energetiki howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň ýene bir mysalydyr” diýip, “Naftogaz” kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Koreskiý belläp geçdi.

“Azerbaýjanly kärdeşlerimize bildirýän ynamlary üçin minnetdarlyk bildirýäris” diýip, ol aýtdy.

Related posts

Azerbaýjan Türkmenistan we Türkiýe bilen gol çeken şertnamasyny tassyklady

Mask taryhda ilkinji trillioner boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Gazagystandan armatura satyn almaga gyzyklanma bildirýär