DÜNÝÄ

ABŞ bilen Ýewropa söwda ylalaşygynda ylalaşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ýewropa Bileleşigi bilen täze söwda ylalaşygynyň baglaşylandygyny habar berdi.

Bu barada ol Şotlandiýadaky özüne degişli Turnberri golf-klubunda Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Laýen bilen gysga duşuşykdan soň amerikan žurnalistlerine beren beýanatynda belläp geçdi.

“Bu, ähli şertnamalaryň arasynda tapawutlandy” diýip, duşuşykdan soň Tramp aýtdy. Duşuşyk takmynan bir sagat dowam etdi.

Trampyň bellemegine görä, Ýewropa Bileleşigi 750 milliard dollarlyk energiýa serişdelerini satyn almagy kabul etdi. Şeýle hem Ýewropa öňünden meýilleşdirilenden 600 milliard dollar köp ABŞ-a maýa goýar.

Ýewropa Bileleşiginden getirilýän harytlara salynjak salgyt 15 göterim bolar, awtoulaglar üçin hem şeýle salgyt güýje girer.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar