JEMGYÝET

“Uçup gitdi Horasanyň durnasy”(Gurbannazar Ezizowa bagyşlanýar)

Uçup giden Horasanyň durnasy,

Bahar bilen dolan Ata Watana.

Dolan iñ bir tämiz duýgular bilen

Egniñe ylhamdan serpaý atynyp.

 

Paýla ony seleñ sähralarmyza,

Keremli daglaryñ alnyna degir.

Gyzlañ kakýan lälesine goşulşyp

Gykuwlylaň bilen ak periñ bilen,

Meni duýgularyň ýanyna çagyr.

 

Alma ýañak şapaklara bendi men,

Bendi men söhbete aýdyma-saza.

Aşyklygym hakdyr seni getiren,

Hem Gurbannazary doguran ýaza.

 

Mawy reñkli gözleñ owasyn synlap,

Tengininde ikindinler asmanyñ…

Kalbyma tükenmez lezzeti berýän,

Üstün ýapyp soñlanmajak gussamyñ.

Hajynur Sähedow

Related posts

Ministr Mewlýut Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy energetika pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Alekseý Miller: Türkmenistan bilen uzak möhleti nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňelderis

Ata Watan Eserleri