JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda taraplar Ýakyn we Orta Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar.

Ähli çylşyrymly halkara meseleleriniň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly, halkara hukuk esasynda çözülmelidigi aýratyn bellenildi.

Şeýle hem Azerbaýjanyň çägine amala aşyrylan soňky howa hüjümleri bilen baglylykda, döwletleriň özygtyýarlylygyny hormatlamak ýaly BMG-niň Tertipnamasynyň esasy ýörelgesiniň bozulmagyna ýol berilmezligi nygtaldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaý bilen bagly käbir ynsanperwer meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi