JEMGYÝET

Täze «Samsunglar» haçan tanyşdyrylar?

Elbetde, ählimiz 2020-nji ýylyň täze «Samsung» smartfonlary bilen basymdan-basym tanyşmak isleýändiris. Koreýa Respublikasynda ýerleşýän kompaniýa özüniň täze smartfonlarynyň tanyşdyryş dabarasynyň 11-nji fewralda boljakdygyny mälim etdi.

Kompaniýanyň resmi saýtynda ýazylmagyna görä, tanyşdyryş dabarasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň San-Fransisko şäherinde bolar. Şol gün bu ýerde «Samsung Galaxy Unpacked» atly dabara bolar.

Şol dabarada kompaniýa «Samsung Galaxy S20» tapgyryna degişli smartfonlar bilen birlikde «Galaxy Fold 2» atly bükülýän displeýli samrtfonyny hem dünýä jemgyýetçiligine görkezer.

Related posts

Orta Asya Liderleri, Aral için toplanacak

vepa

“Türkmenistany Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap meýdançasyna öwreris”

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider, Donald Trump’ı doğum günü ile kutladı

vepa