JEMGYÝET

Sürüjini 97 göterim goraýar

Beýik Britaniýanyň awtobilermenleri soňky 15 ýylyň içinde bolup geçen ýol heläkçiliginde ýekeje sürüji hem heläk bolmadyk ulagy ýüze çykardylar. Aýdylyşy ýaly, bu ulag «Volvo» kompaniýasynyň «Volvo XC90» ulagydyr.

2002-nji ýylda n bäri öndürilip gelýän bu ulag bilen baglanyşykly ýol hadysalarynda henize çenli soňky heläkçilik bilen tamamlanan ýekeje ýagdaýa hem gabat gelinmedi. Bu üstünlikde ulagyň käbir aýratynlyklarynyň mynasyp paýy bardyr.

Mysal üçin, howply ýerlerde sürlende ulagyň awtomatik ýagdaýda işleýän duruzujysy köp heläkçilikden halas edýär. Ol iň howply pursatlarda işe girýär.

2003-nji ýylda geçirilen «Euro NCAP» synagynda hem bu ulagyň howpsuzlyk ýagdaýlaryna ýokary baha berlipdi. Ulag ýol hadysalarynda sürüjini 97 göterim gorap bilýär.

Ýeri gelende aýtsak, «Euro NCAP» tarapyndan 2016-njy ýylda geçirilen synagda hem «XC90» iň ýokary baha mynasyp boldy.

Related posts

Türkmen wekiliýeti Yslamabatda geçirilen CAREC sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy

      Leonardo Di Kaprio 43 million dollar bagyş eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri germaniýaly professor lukmanlar bilen duşuşdy