JEMGYÝET

“Liwerpul” toparynyň nobatdaky rekordlary

Angliýanyň milli çempionatynda çykyş edýän (“Premýer Liga”) “Liwerpul” topary gazanýan üstünlikleri bilen täze rekordlarynyň hem üstüni ýetirýär. Milli çempionatyň 23-nji tapgyrynda “Liwerpul” topary öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýted” topary bilen duşuşdy. “Premýer Liga”-nyň 23-nji tapgyrynyň esasy duşuşygynda 2:0 hasabynda üstünlik gazanan germaniýaly tälimçi Ýurgen Kloppyň ýolbaşçylygyndaky “Liwerpul” topary 2109/2020-nji ýylyň möwsüminde 64 bal gazandy. “Liwerpula” ýeňiş getiren gollary Wan Deýk hem-de Mohammad Salah öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde bu görkeziji Ýewropanyň öňdebaryjy  futbol çempionatlarynyň iň gowy görkezijisi boldy.

Mundan ozal, şeýle görkezijini 2017/2018 we 2013/2014-nji ýylyň möwsüminde degişlilikde “Mançester Siti” hem-de “Bawariýa” toparlary gazanypdy.

“Liwerpul” topary 22 tapgyrda 62 bal toplap, “Premýer Ligada” öňdeligi eýeleýär. Topar öz meýdançasy bolan “Enfild” stadionynda 52 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. “Liwerpul”-yň ýeňilmän gelýän güni  1001 deň boldy. Şu döwürde topar 42 duşuşykda ýeňiş gazanyp, 10 duşuşykda deňme-deň oýnady.

Olar çempionatdaky iň ýakyn bäsdeşi geçen ýylyň çempiony “Mançester Siti” toparyndan 16 bal öňde bolup, ätiýaçda bir oýny hem bar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşinde Arkadag şäherine wekilçilk eder

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri

Ýaşulular geňeşi hossarsyz gyzjagaza Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakdy