JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň halkara howa menzilinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen mähirli salamlaşyp, özüniň şu ýylyň tomsunda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Kul sebitine amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly kanagatlanma bildirip, özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow saparynyň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara wekilçilikli foruma gatnaşar.

Related posts

Şaşka ýaryşy radioýaýlymlar arkaly şöhlelendirildi

vepa

Türkmenistan bilen Italiýa birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Hormatly Prezidentimiz atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi

Ata Watan Eserleri