Turpuň peýdasy adamzada has irki döwürden belli bolupdur. Sebäbi turp tohumlaryndan ýag alypdyrlar, beýik piramidalaryň gurluşygynda işleýän işçilere turp ýygy – ýygydan iýmit hökmünde beripdirler. Umuman aýdylanda Müsür turpuň watany diýen maglumatlara taryhy çeşmelerde duş gelmek bolýar. Mundan başga-da gadymy Gresiýada turp altyna deňäpdirler. Grekler turpi esasy iýmit hökmünde ulanyp dürli melhemleri taýýarlapdyrlar.
Turp örän peýdaly köki miweli gök ekin. Düzminde glikozidler, aminokislotalar, purin esaslary, efir ýaglary, işjeň fermentler, organiki kislotalara we witaminler toplumyna baýdyr. Olardan PP, A, E, C witaminleri. Aýratyn hem turpuň gabygynda askorbin kislotasy köp mukdarda saklanýar. Turp organzim üçin zerur çalşyp bolmaýan himiki maddalary saklaýar. Turp ir bahar iýmit hökmünde köpräk ulanmaly. Bu döwür witamin ýetmezçiligi köp ýüze çykýar. Mundan başga-da beýleki turpuň görnüşlerinden margelan turpunda minerallar köp mukdarda saklanýar. Magniý, kalsiý, kaliý, demir, fosfor, sink, kobolt, ftor elementleri. Maglumatlara görä turpuň suwy antiseptiki ýa-da mikroorganizmleriden goraýjylyk häsiýetiniň bardygyny belläp geçýärler. Sebäbi düzüminde fitonsit maddasyny saklap, wiruslardan goraýjylyk ukybyny ýüze çykarýar. Turpuň tagamy näçe ýiti we ajy bolsa şonça-da fitonsidlere baý bolýar. Köplenç turp ýagy kosmetologiýada giňden ulanylýar. Saçlar we ýüzler üçin dürli ýapgylar taýýarlanýar. Ýüzi tegmillerden we meneklerden arassalaýar.
Lukmançylykda bolsa turpuň ynsan immuniteti ýa-da gorag ulgamyny berkidýär diýilip bellenilip geçilýär. Mundan başga-da kelle beýniniň işini gowlaýar, endokrin ulgamyny we nerw ulgamyny berkidýändigi barada käbir maglumat çeşmelerinde duş gelmek bolýar.
Hajyýewa Maýa,
Türkmen oba hojalyk Institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş
kafedrasynyň mugallymy