DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Baku şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda çykyş etmek bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjanyň energiýa strategiýasy, halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti, Günorta gaz geçelgesiniň taslamasynyň sebit we halkara ähmiýeti barada jikme-jik gürrüň berdi.

Çykyş edenler Günorta gaz geçelgesiniň häzirki ählumumy geosyýasy şertlerinde Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

Mundan başga-da, «Trans Adriatik» turbageçirijisi arkaly gaz üpjünçiliginiň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem Ýewropa käbir ýurtlaryna – Günorta-Gündogar we Merkezi Ýewropa döwletlerine gazy eksport etmegiň mümkinçiligi ýaly Günorta gaz geçelgesiniň infrastrukturasyny giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Hazar deňzinde ýerleşdiriljek ýel elektrik stansiýalaryny goşmak bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalary barada pikir alyşmalar geçirildi.

Çäräniň dowamynda ýaşyl energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalara hem gol çekildi.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy