SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň wekiliýeti BSGG-niň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi

Ženewada geçirilýän Bütündünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşmak üçin iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adan Gebreýesus bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda ministr Türkmenistan tarapyndan ilat saglygyny üpjün etmek ulgamynda we bu ugurda alnyp barylýan öňüni alyş çäreler barada habar berdi. Jemgyýetçilik saglygy pudagyndaky bilim meselelerini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň irki anyklaýyş çäreleri, şeýle hem sagdyn durmuşyň möhümligi baradaky habarlylygy ýokarlandyrmak babatynda maglumat beriş çäreleri geçirmek ýaly ugurlara aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy BSGG-niň Baş direktoryny ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatynda kabul edilen Aşgabat jarnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň aprelinde geçiriljek 3-nji Ministrler maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

BSGG-niň Baş direktory, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn jemgyýeti gurmak, raýatlar üçin ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk kömegini bermek, giňgerimli sanjym maksatnamalaryny amala aşyrmak, derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň elýeterliligi babatynda, şeýle hem täze maglumat tehnologiýalaryň ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi. Bularyň ählisiniň durnukly ösüş ugrunyň hem-de lukmançylyk hyzmatlary ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellendi. Şeýle hem Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we kämilleşdirmek babatynda alyp barýan işlerinde BSGG tarapyndan goldaw beriljekdigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär