JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekilçilikli topary BAE-niň Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.

Türkmenistanyň wekilçilikli topary BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen oňyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň ägirt uly goşandynyň bolandygyny bellemeli. Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň dostlukly ýurduň görnükli döwlet Baştutanynyň hatyrasyna guralýan ýas çärelerine gatnaşmaklary, oňa bildirilýän hormatyň nobatdaky beýany bolup durýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri