BIZNES

Türkmenistanyň tebigy gaz önümçilik möçberi artar

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçirildi. Forumda çykyş eden Gaz eksport edýän ýurtlaryň Forumynyň Baş sekretary Muhammed Hamel Türkmenistanyň tebigy gaz önümçilik möçberiniň 2050-nji ýylda iki esse artyp, 150 milliard kubmetre deň boljakdygyny belledi. Bu barada “www.oilgas.gov.tm” saýtynda habar berilýär.

– Möçberi boýunça dünýäde ikinji orundaky gaz känleri ýaly iri gaz känleriniň özleşdirilmegi, şeýle hem turba geçirijileriň torunyň giňeldilmegi bilen Türkmenistanyň tebigy gaz önümçiligi guramanyň çakmalaryna görä, 150 millierd kubmetrden artmagyna garaşylýar – diýip, Muhammed Hamel belledi.

Ösen energetika infrastrukturasynyň hasabyna Türkmenistanyň sebit bazarlaryndaky ornuny pugtalandyryp, tebigy gaz Hytaýa, Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogara iberip, geljekde Ýewropa ibermek mümkinçiliginiň bardygyny belläp geçdi.

Gaz eksport edýän ýurtlaryň Forumynyň Baş sekretary Hytaý bilen Hindistanyň tebigy gazy sarp edýän iki iri döwlet bolup durýandygyny belläp, umumy sarp edilişiň köp böleginiň bu döwletleriň paýyna düşýändigini aýtdy.

– 2050-nji ýyla çenli Hytaýyň gaz sarp ediş möçberi 660 milliard kubmetrden geçer. Bu görkeziji Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan soňra dünýäde ikinji iri tebigy gaz sarp ediş görkezijisi bolar. Hindistanda hem tebigy gaza bolan isleg artar. Degişli hasabat döwründe çenli bu görkeziji 2 esse artyp, 230 milliard kubmetre deň bolar – diýip, Forumyň baş sekretary belledi.

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen halkara göçme forumyna 42 döwletden 470-den gowrak wekiliýet gatnaşdy.

Ýene-de okaň

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmek

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: täze awtomobil ýollary gurlar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýylyň iş meýilnamasy: “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlary özleşdiriler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda durnukly islege eýe bolýar

«Dokma» onlaýn söwda meýdançasy önümleriň giň görnüşlerine elýeterliligi artdyrýar

2026-njy ýylda Türkmenistanda 41,2 milliard manat möçberinde maýa goýumlary özleşdiriler