PEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bäsleşigi yglan edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli senetçilik, hünärmentçilik işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň uly üstünliklerini açyp görkezmek hem-de wagyz etmek, şeýle hem ussat senetçileri höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Senetçilik – milli mirasymyz»  atly bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşik iki ugur boýunça geçirilýär:

  1. Türkmen milli senetçilik önümleri.
  2. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan senetçilik önümleri.

Bäsleşige hödürlenilýän önümlerde (halyçylyk, keşdeçilik, taraçylyk, zergärçilik, küýzegärçilik, neçjarçylyk, nakgaşçylyk, demirçilik, deri-gönçülik işleri) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz we onuň şanly 30 ýyllygy, Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti, dünýä derejesinde gazanylýan üstünlikler döredijilikli açylyp görkezilmelidir.

Senetçiler bäsleşige hödürleýän işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Sergi bölümine ýollap bilerler.

Olar bäsleşige ýollan işleriniň ýanyna özleri we döreden önümleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi, işiň ady we gysgaça mazmuny) hem goşmalydyrlar.

Bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli maslahatyň we serginiň çäklerinde jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň diplomlary we  sowgatlary, tapawutlanan işleri döredenlere bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:  +993 12 21 23 75;

 +993 12 21 23 64;

+993 12 21 23 68.

Ýene-de okaň

Türkmenistanly hukukçy Türk döwletleriniň 1-nji Halkara hukuk kongresiniň bilim geňeşine saýlandy

Amerikada zähmet çekmek wizasy (H-1B) resminamalar kabul edişlik başlanýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň wizasy üçin möhüm maglumat

Halaç etrabynyň ýaşaýjylary biometrik pasport üçin Kerki etrap bölümine ýüz tutmaly

“Petronas” kompaniýasyndan boş iş orunlary: buhgalter we lukman

Amerika wizasynda täze mümkinçilik : Söhbetdeşlige gatnaşmazdan wizany täzelemek