TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanyň sanly Konsepsiýa-2028: emeli aň ykdysadyýeti, 5G, TransHazar kabel geçirijisi

Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew çykyş etdi. Ministr ýurduň täze strategik ugrunyň umumy mazmunyny beýan edip, «Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýanyň» durmuşa ornaşdyrylmagyna girişilendigini mälim etdi.

Hudaýgulyýewiň bellemegine görä, ilkinji gezek iki forumyň birleşdirilen formatda geçirilmegi Türkmenistanyň sanly, ulag we logistika tehnologiýalarynyň birleşdirilmegine ymtylýandygyny görkezýär. Bu bolsa ykdysady ösüşiň durnuklylygyny, «akylly şäherleriň» döredilmegini we önümçilik ulgamlarynyň netijeliligini üpjün edýän esasy ugry emele getirýär.

Ministr täze Konsepsiýa-2028-iň innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, «Elektron hökümet» ulgamynyň ösdürilmegine, sanly bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, maglumat geçiriji ulgamlaryň giňeldilmegine hem-de emeli aň (AI) ulgamyna maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendigini aýtdy.

TÄZE MAKSATLAR

5G-niň ornaşdyrylmagy: Arkadag şäherinde 5G ulgamynyň işe girizilmegi ýurduň ähli künjeklerinde bu tehnologiýanyň giňeldilmegi üçin başlangyç tapgyr boldy. Arkadagda eýýäm 4G+ we 5G ulgamlary, şeýle hem «ýaşyl» hem-de täze innowasion çözgütleri üstünlikli ulanylýar.

Emeli aňyň ösdürilmegi: Türkmenistan emeli aňy ykdysady ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde görýär. Bilim (uýgunlaşan ulgamlaryň ulanylmagy), saglygy goraýyş (döwrebap anyklaýyş), oba hojalygy (hasyllylygyň öňünden çaklanylmagy) boýunça emeli aň taslamalary synag görnüşinde amala aşyrylýar.

Emeli aň boýunça merkez: Ýakyn wagtda «Türkmentelekom» edarasynyň binýadynda emeli aňy ösdürmek boýunça degişli merkezi döretmek göz öňünde tutulýar. Onuň maksady – ylmy-gözleg mümkinçiliklerini güýçlendirmek hem-de ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynda innowasiýalary ösdürmekdir.

Sebitleýin we halkara aragatnaşyk baradaky ugurlar

Ministriň bellemegine görä, Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-aragatnaşyk merkezleriniň biri hökmünde möhüm ornuny saklaýar.

Optiki süýümli magistral ulgamlar: Häzirki wagtda Türkmenistan bilen goňşy ýurtlary birleşdirýän DWDM enjamlary arkaly işleýän 8 sany optiki süýümli aragatnaşyk ugrunyň bardygy aýtdy.

TransHazar kabel geçirijisi: Türkmenistan – Azerbaýjan ugury boýunça Hazar deňziniň düýbünden geçýän optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem «Serhetabat–Hyrat» aragatnaşyk ulgamy gurulýar. Bu ugur Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky sanly ulgamyň üstaşyr geçirilmegini ösdürmekde möhüm baglanyşdyryjy halka bolar.

X-Road: BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda “X-Road” platformasy arkaly döwlet edaralarynyň özara elektron hyzmatdaşlygynyň synag taslamasy üstünlikli amala aşdy. Edaralaryň ulgam boýunça doly integrasiýasynyň dowam edýändigi bellenildi.

Kiberhowpsuzlyk: Ministr sanlylaşdyrmagyň çaltlanýan döwründe kiberhowpsuzlygyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Aragatnaşyk ministrliginiň düzüminde üstünlikli işleýän Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy milli maglumat giňişligini goramak boýunça möhüm işleri alyp barýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

“Google” kompaniýasy Germaniýada 5.5 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirer

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2025» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

Ýaponiýada howasyz ulag tekerleriniň synaglary başlady

Türkmenistan bilen Russiýa sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze konsepsiýasy kabul edildi