SPORT

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy welosiped ýaryşyny gurnady

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli Buharest şäherinde welosiped ýörişi geçirdi.

Agzalan sport çäresi Buharest şäher häkimliginiň, şeýle hem “Green Revolution” Assosiasiýasynyň goldawy bilen Buharest şäherinde ýerleşýän “Mihaý I Patyşasy” adyndaky parkynda guraldy. Çäre Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem bu ýurtda wagtlaýyn bolýan raýatlarymyzyň we bilim alýan talyplarymyzyň gatnaşmagynda geçirildi.

Ýaryşyň öňüsyrasynda geçirilen dabarada türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm bölegi bolan sport diplomatiýasynyň parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny pugtalandyrmaga, ýokary netijeli sport ulgamyny işjeňleşdirmäge, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge, ýurduň ýaş nesliniň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi.

Guralan welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrýan halkara tagallalaryna ýokary baha berdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy