JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby çapdan çykdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, bagtyýar ýaşlar ýylynda hem zehinli ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny belledi. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar. Ýakynda «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabym çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu kitabyň ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata we sergä sowgat boljakdygyny nygtady.

Bu kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy