JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana iş sapary başlandy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» ikinji Sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň  döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.

Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit syýasatynyň okgunly ösýän we strategik ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Berk taryhy medeni we ykdysady gatnaşyklara esaslanýan bu hyzmatdaşlyk syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym-bilim we ynsanperwer ýaly ulgamlary öz içine alýar.

Milli bähbitlere özara hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly we ynanyşykly dialog bu hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny üpjün edýän esasy şert bolup çykyş edýär. Hemişelik oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistan bu formatda netijeli orun eýeleýär.

«Merkezi Aziýa – Russiýa»  formaty alty döwletiň tagallalaryny üstünlikli birleşdirmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar. 2022-nji ýylda Astanada geçirilen birinji sammit bu dialogyň netijeli häsiýetini hem-de dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigini tassyklady.

Türkmenistan bu altytaraplaýyn formatyň ösüşine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz berk taryhy binýada we hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumyny geçirmek boýunça başlangyjy munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Paýtagtymyzdan ugur alan hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan Duşenbe şäheriniň mejlise gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen halkara howa menziline gelip gondy.

Döwlet Baştutanymyzy Täjigistanyň ýokary wezipeli resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Ýene-de okaň

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi