JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystanyň Prezidenti bilen Telefon arkaly Söhbetdeşligi

Şu gün, 24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy, onuň barşynda türkmen Lideri özüniň owgan kärdeşini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini nygtamak bilen, Prezidentler iki ýurduň we halklaryň, şonuň ýaly-da halkara jemgyýetçiliginiň bähbidine gönükdirilen sazlaşykly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Taraplar şeýle-de halkara gün tertibine degişli işleriň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn görnüşde, edil şonuň ýaly-da halkara guramalarynyň çäklerinde işjeň özara hereketleriň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy