JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine saparynyň amala aşyrylmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny has-da giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa-goýum hyzmatdyşlygyň ilerledilmegi bilen bagly meseleler maslahat edildi.

Related posts

Türkmenistan’ın İtalya ve Brunei Darü’s-Selam Büyükelçileri göreve başladı

vepa

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna “Türkmenistanyň Watan goragçysy” hormatly ady dakyldy

Ata Watan Eserleri

Rahmon täzeden prezidentlige saýlandy

Leave a Comment