JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa sapary döwletara gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça 5-6-njy ýanwarda Pekine döwlet saparyny amala aşyrar. Syýasatçylar bu sapara ýokary baha bermek bilen, onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da güýçlendirjekdigine we iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirýärler diýlip, “newscentralasia.net” elekton neşirinde bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, bu sapar Özbegistanyň Samarkand şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 22-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Si Szinpiniň duşuşygyndan soň meýilleşdirildi. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişenden soňra Hytaýa amala aşyrjak ilkinji döwlet sapary bolar.

Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Rus, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa barlaglary institutynyň hünärmeni hanym Žao Huirong bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm tapgyr bolar diýip hasaplaýar.

Ol Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksport ediji ýurt bolup durýandygyny bellemek bilen, ýurtlaryň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň diregi bolup durýandygyny we nebithimiýa, telekommunikasiýa we demirýol ýaly pudaklarda hem hyzmatdaşlygyň baý mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

— Bu sapar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarar we çuňlaşdyrar, şeýle hem Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarar — diýip, hanym Žao Huirong belledi.

Belläp geçsek, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyry Si Szinpiniň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran saparyndan soň işjeň häsiýete eýe boldy. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň 11 aýynda 10,1 milliard dollara çenli ýokarlandy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 53,2 göterim ýokarydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi