JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan güni : Gutlag hatlar gelip gowuşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Bu barada TDH habar berýär. TDH-niň web saýtynda ýerleşdirilen gutlaglardan mälim bolşy ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si SZINPIN, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti  Şawkat MIRZIÝOÝEW, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr ŽAPAROW,  Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti  Seýed Ebrahim RAISI, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi, kosmonawt synagçy, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg KONONENKO ilkinjileriň hatarynda gutlag hatlaryny ugradypdyr.

Biz hem Ata Watan Media toparynyň döredijilik işgärleri bolup hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen  tüýs ýürekden gutlaýarys we Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, il-ýurt, Watan bähbitli alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw edýaris.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy