JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlaýarlar

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen gutlaýaryn.

Yslam ymmaty üçin bu beýik baýram hoşniýetliligiň, ynamyň hem-de adalatlylygyň taglymlary hökmünde musulmanlaryň ruhy hazynasynda aýratyn orun eýeleýär. Goý, rehimdarlygy we rysgal-berekedi alamatlandyrýan Gurban baýramy Ýer ýüzüne nur çaýyp, biziň halklarymyzyň raýdaşlygyny pugtalandyrsyn!

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size bagt hem-de jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size hem-de Türkmenistanyň ähli dostlukly halkyna Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin.

Dünýäniň ähli musulmanlary üçin bu nurana baýram gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerligiň belent taglymlaryny alamatlandyrmak bilen, bizi hemmetaraplaýyn ösüşe, ýurtlarymyzyň arasynda dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine çagyrýar. Bilelikdäki tagallalar netijesinde bu ýolda geljekde-de täze sepgitlere ýetjekdigimize, halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyklykda, täjik-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny has belent derejä göterjekdigimize ynanýaryn.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu nurana baýram sabyr-takatlylygy hem-de ahlak päkizeligini alamatlandyryp, yslamyň asylly taglymlaryny özünde jemleýär, rehimdarlyga, adalatlylyga, hoşniýetlilige çagyrýar, adamzady özara kömek bermäge, duýgudaşlyga ruhlandyrýar.

Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda köpasyrlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de biziň halklarymyzyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagt, tutuş musulman ymmatyna bolsa gülläp ösüş hem-de abadançylyk dileg edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine we doganlyk türkmen halkyna Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna hem-de dünýäniň ähli halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden dostluk we hormat goýmak baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy uly şatlyk bilen ýollaýaryn.

Bu beýik baýramda Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş, abadançylyk dileg edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hamad bin Isa AL HALIFA,
Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Owganystanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Siziň Alyhezretiňize, dostlukly we doganlyk türkmen halkyna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Gurban baýramy dünýäniň ähli musulmanlarynyň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar, bu beýik baýramyň hormatyna olar haj parzyny amala aşyrýarlar, mätäçlik çekýänlere goldaw berýärler. Beýik Biribardan ähli musulmanlaryň dilegleriniň we gurbanlyklarynyň kabul bolmagyny, olara abadançylyk eçilmegini dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagt hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hasan AHUND,
Owganystanyň Hökümetiniň Başlygy.

Ýene-de okaň

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar