DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Wolfowiç Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.

“Ol tanymal syýasatçy we döwlet işgäridi. Özüniň uzak we görnükli syýasy ýolunda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, halklarymyzyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we dostlugynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşdy” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

 

Wladimir Žirinowski aradan çykdy

 

 

Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellenildi

Related posts

Horwatiýanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

BMG-niň Baş sekretary Hytaýa bardy

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy