Dünýäde meşhur neşirleriň biri bolan «Ženmin Žibao» gazetiniň redaksiýasynyň haýyşy boýunça, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň öň ýanynda «Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady» atly makalasyny taýýarlady. Onda iki ýurduň arasynda köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara düýpli seljerme berilýär hem-de hyzmatdaşlygyň has-da ýokary derejä çykaryljakdygyna ynam bildirilýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasaty esasynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary ähli ulgamlary öz içine alyp, barha giňeldildi we ol özüniň anyk netijelerini berdi. 2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açmak bilen, bilelikde amala aşyrylmagy meýilleşdirilen beýleki taslamalaryň hem ilerlemegine badalga berdi. Iri hytaý kompaniýalary Türkmenistanyň örän baý uglewodorod ýataklaryny özleşdirmäge, olary gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalaryny gurmaga, ýurdumyzyň pudaklaryna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we bu ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda emele gelen şahsy dostluk gatnaşyklary hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz makalasynda iki dostlukly ýurduň halkara giňişlikde birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklaryna, tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeler babatda garaýyşlarynyň gabat gelýändigine ýa-da ýakyndygyna ünsi çekip: «Biz Hytaýyň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de ýurdumyzyň bu derejä esaslanýan daşary syýasat ugruna hormat goýýandygyna ýokary baha berýäris. Öz nobatynda, Türkmenistan hemişe hytaýly hyzmatdaşlarymyz üçin möhüm bolan meselelere, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäk bitewüligine hem-de jebisligine dahylly ýagdaýlara öz garaýyşlaryny anyk we kesgitli beýan edýär, «Bitewi Hytaý» syýasatyna berk eýerýär» diýip, aýratyn nygtaýar.
Makala metbugatda dolulygyna çap edilýär.