JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar

Özbegistan Respublikasyna iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde öz işine başlan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan eder.

Özbegistanda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Pakistanyň Hökümet baştutanynyň wezipesini ýerine ýetiriji Anwar ul-Hak Kakar we ÝHG-niň baş sekretary Husraw Noziri gatnaşýar.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu Guramanyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar hem-de YHG gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu düzümiň çäklerindäki bilelikdäki işiň dowamynda uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk binýat döredýän tejribe toplanyldy.

2021-nji ýyldan bäri Guramada başlyklyk etmeginiň dowamynda Türkmenistan ýörite işlenip taýýarlanylan Konsepsiýa laýyklykda, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmäni görkezdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda YHG-niň gününde Aşgabatda guralandygyny bellemek gerek. Onuň netijesinde jemleýji resminama – Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürilýär

Gazak ministri: Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly ösmegine aýratyn üns berilýär

Oguljahan Atabaýewa Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Russiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işlerine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň ministri Türkmenistana sapar bilen geldi

Oraza baýramynyň 30-njy martdaky dynç güni 31-nji marta geçirildi