JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy.

Köpetdagyň eteginde, ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän meýdançada ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň gatnaşmagynda köpöwüşginli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Paýtagtymyz täze, 2023-nji ýyly baýramçylyk äheňinde bezelen köçeleriň, meýdançalaryň, seýilgähleriň sungat eserlerine çalymdaş dürli şekilleri, özboluşly baýramçylyk bezegleri bilen garşylaýar. Hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramy mynasybetli guralýan esasy dabaralaryň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezidir. Beýikligi 43 metr bolan arçanyň ýanynda guralan dabaralar hem dürli çyralar bilen utgaşyp, ertekiler şäherjigini ýada salýar.

Tamamlanyp barýan 2022-nji ýylyň nyşany bolan barsyň lybasyndaky hem-de 2023-nji ýylyň nyşany towşanyň lybasyndaky ýaşajyk artistler hormatly Prezidentimizden özleri bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagy haýyş etdiler. Arkadagly Serdarymyz olara minnetdarlyk bildirdi we nesilleriň bagtyýarlygyny, agzybirligini, ajaýyp dessurlaryň dowamlylygyny alamatlandyrýan asylly ýörelgelere eýerip, çagalar bilen arçanyň daşyndan aýlandy.

Bu ýerde guralan dabara gatnaşan çagalaryň hemmesine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, awtoulagynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar toparlarynyň, estrada artistleriniň, teatr we sirk ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyklar dowam etdi. Täze ýyl arçasynyň ýanynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlar dürli yşyklaryň, bezegleriň sazlaşygynda ertekilerdäki ýaly täsin görnüşleri emele getirdi.

Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna döwlet Baştutanymyz we ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çagalar bilen geldiler.

Hormatly Prezidentimiz teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, ýaş zehinli çagalaryň gatnaşmagynda taýýarlanan joşgunly çykyşlara tomaşa etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi