JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Eýrana bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2 günlük Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapary başlandy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasyna gitmek üçin Aşgabadyň halkara howa menziline geldi. Bu ýerden Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar ugratdylar.

Ertir Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Onda iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlardaky, hususan-da halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşylar.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler.

Eýranyň metbugatyndaky habarlara görä, Türkmenistanyň Prezidentini Tähran şäheriniň halkara howa menzilinde EÝR-nyň ulag we şäher ösüş ministri Rostami Gasemi we beýleki resmi adamlar garşylady.

Türkmenistan bilen Eýran ulag gatnawlaryny dikeldýär

Tähranda türkmen-eýran iş duşuşyklary geçirildi

Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen beýleki ýurtlara iberilmegi maslahatlaşyldy

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi