JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

TÜRKMEN-TATAR IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILER

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň nobatdaky mejlisini noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri giriziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

DOHADA TÜRKMEN-KATAR HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILER

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, maliýe we bank ulgamlarynda, energetika, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak pudaklarynda, bilim, medeniýet, ýaşlar, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Katar Döwleti bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi baradaky beýan edilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

“TÜRKMENIŇ ALTYN ASYRY” ATLY BÄSLEŞIGIŇ NOBATDAKY TAPGYRY YGLAN EDILDI

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini yglan etmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2026-njy ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmäge, medeni mirasymyzy öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTANA DÖWLET SAPARY

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi aýdyldy.

Ýakyn goňşy we sebit döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, durnukly esasda ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Nygtalyşy ýaly, Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine alar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guralar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Özbegistan hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly dialogy ösdürmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerden we beýleki degişli çärelerden başga-da, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. “Özbegistan Respublikasy biziň ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine konsultatiw duşuşyga hem-de Özbegistan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy