JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça 14-15-nji iýulda döwlet saparynda bolar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň gün tertibine iki ýurduň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Esasy üns özara söwdanyň möçberini ýokarlandyrmak, senagat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, ulag we üstaşyr mümkinçiliklerde netijeli peýdalanmak, suw dolandyryş pudagynda möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, sebitara gatnaşyklary güýçlendirmek ýaly ugurlara gönükdiriler.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary halkara we sebit hyzmatdaşlygyna degişli meseleler boýunça pikir alşarlar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça bilelikdäki beýanata we köp sanly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Türkmenistanyň Prezidenti saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisinde gepleşikler geçirer we Samarkant şäheriniň owadan ýerlerini aýlanyp görer.

Mälim bolşy ýaly, bu saparyň öňüsyrasynda 1-2-nji iýulda Daşoguz şäherinde suw meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Şeýle hem şu gün Buhara şäherinde birinji türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy