Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheriniň merkezindäki Gyzyl meýdanda dabaraly harby ýöriş geçirilýär. Moskwa wagty bilen 10:00-da başlan dabaraly harby ýöriş 2 sagada golaý dowam etdi.
7-nji maýda kasam kabul edip, gaýtadan prezident wezipesine girişen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Kreml köşgünde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Russiýa gelen daşary ýurtly myhmanlary kabul etdi.

Bu dabaraly çärelere Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow gatnaşdy.
Şeýle hem myhmanlaryň hatarynda Gwineýa-Bisau, Kuba we Laosyň döwlet ýolbaşçylary hem bar.
Gyzyl meýdandaky harby ýörişe 9 müňden gowrak adam gatnaşdy we 70-den gowrak harby tehnikalar görkezildi.
Wladimir Putin 21-nji gezek baş sekerdebaşy hökmünde 9-njy maýdaky harby ýörişe gatnaşýar. Ol ilkinji gezek, Russiýanyň 2-nji Prezidenti hökmünde 2000-nji ýylda Ýeňiş gününiň dabaralaryna gatnaşypdy.
