JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň himiýa senagaty hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda okgunly ösdürilip, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegine öwrülýär. Ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary pudagy çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ony çuňňur gaýtadan işlemegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap, ýokary tehnologiýaly hem-de bäsdeşlige ukyply himiýa senagatyny kemala getirýär.

Paýtagtymyzdan ugur alan hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.

Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçirilýän ýerine bardy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde dabara mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edenden soňra, ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardy hem-de bu ýerde Gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyjylary bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, himiýa senagatynyň ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral  dökünlerini öndürýän täze toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy ýerine ýetirer.

Täze toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Toplum ulanmaga berlenden soň, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady