JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Mihail Mişustini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.

Resmi garşylamak dabarasynda soňra taraplar ikiçäk we iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldiien düzümdäki duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy syýasy, ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar. Gepleşiklerde söwda, energetika we ulag ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmeklige aýratyn üns berildi.

Rus myhmany Tükrmenistan bilen haryt dolanyşygynyň artdyrylmagynyň esasy wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Şeýle hem ol Russiýanyň Hökümetiniň Aşgabat bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin mümkinçilikleri gözlejekdigini mälim etdi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard dollara golaýlaýar.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň belläp geçişi ýaly, iki ýurduň arasynda maşyngurluşyk, energetika, nebitgaz, oba hojalygy, sanly ykdysadyýet ugurlardaky işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň hem gatnaşmagynda geçirilen tükrmen-rus işewürlik forumyna 400-den gowrak rus işewürleriň gatnaşandygyny bellemegiň ýakymlydygy aýdylyp geçildi.

Şu güne çenli iki ýurduň arasynda 320-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Bu gezekki ýokary derejedäki türkmen-rus gepleşikleriniň barşynda hem birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekmek dabarays boldy.

Gol çekilen ylalaşyklar:

  • Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyk:
  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama:
  • 2023-2025-nji ýyllar boýunça gümrük hukuk bozulmalaryna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky protokol:
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal balykçylyk agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama:
  • Suwdan peýdalanmak we ekologiýa babatynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy boýunça hereket meýilnamasy (“ýol kartasy”):
  • Astrahan oblastynyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky ähtnama:
  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň ýaşlar boýunça federal agentliginiň arasynda ýaşlar syýasaty boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyk. 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň çäginde konsert geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG – Syýahatçylyk guramasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Narendra Modi bilen duşuşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy