DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli gününiň şanly 65 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba we Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Malaýziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy