JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Getsi, bu kompaniýany esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Sanktýohanseri, “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny dolandyrmak boýunça edara binasy Dýusseldorfda bolan geňeşçi, hyzmatdaş Armin Raffalskini we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hans Gerd Prodeli kabul etdi.

Bellenilişi ýaly, Germaniýa Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistan üçin möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde iki ýurduň arasynda giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugruň hünärmenleriniň arasynda tejribe alşylmagynyň ýola goýulmagy, Türkmenistanyň lukmançylyk edaralarynyň öňdebaryjy german kompaniýalarynyň iň täze enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ugruň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Duşuşygyň dowamynda giň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasaty amala aşyrýan ýurdumyzyň halkara derejede uly abraýa eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinýändigi bellenildi. Durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagy we köpugurly esasda ösdürilmegi Türkmenistanyň ýokary depginli, sazlaşykly ösüşini üpjün etdi. Dürli ugurlarda maýa goýumlary işjeňleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk binýady döredildi we munuň üçin amatly şertler üpjün edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar