JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz känine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutany tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan «Galkynyş» gaz känine baryp gördi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan işler, gaýtadan işleýän senagatyň düzümlerine döwrebap innowasion usullaryň ornaşdyrylyşy bilen gyzyklandy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow degişli çyzgylary görkezip, «Galkynyş» gaz känindäki işleriň ýagdaýy, önümçilik desgalarynyň kuwwaty, guýularyň gurluşygynyň tapgyrlary, täze guýularyň özleşdirilişi barada hasabat berdi. Içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellendi.

Döwlet Baştutany bu möhüm desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ýurdumyzda täze känleri açmagyň we olary senagat taýdan özleşdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra ýol ugrunda Prezident Serdar Berdimuhamedow dikuçarda welaýatyň çäginden geçýän Garagum derýasyny synlady. Sowuk howa akymlarynyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagy bilen, derýada buz gatlagy döredi. Şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmek gerek diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň çäginde konsert geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG – Syýahatçylyk guramasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Narendra Modi bilen duşuşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy